Beýik maksatlara badalga

Düýn we­la­ýat hä­kim­ligi­niň uly ýyg­nak­lar za­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň şu ýy­lyň 25-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ikin­ji mej­li­si­niň ka­bul eden ka­rar­la­ry­ny we çöz­güt­le­rini dur­mu­şa or­naş­dyr­mak hem-de giň­den wa­gyz etmek mak­sa­dy bi­len “Öň­de goý­lan ägirt uly we­zi­pe­leriň mak­sa­dy — eziz hal­kymy­zyň aba­dan­çy­ly­gy” at­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. We­la­ýat hä­kim­li­gi­niň we we­la­ýa­tyň iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­rynyň gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­len mas­la­ha­ta et­rap we şä­her hä­kim­le­ri­niň orun­ba­sar­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­la­ýa­ty­myz­dan saý­la­ny­lan de­pu­tat­la­ry, we­la­ýat, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si­ne we­la­ýa­ty­myz­dan gat­na­şan we­kil­ler, we­la­ýaty­my­zyň ýo­ka­ry, ýö­ri­te, or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, mu­gal­lym­la­ry, şeý­le hem jem­gy­ýet­çi­lik gura­ma­la­ry­nyň we­la­ýat, et­rap we şä­her gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, jo­gap­kär iş­gärle­ri we iş­jeň ag­za­la­ry, il sylag­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler gat­naş­dy­lar. Mas­la­ha­ty we­la­ýa­tyň hä­ki­mi­niň orun­ba­sa­ry, Türkme­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­leşi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi­niň baş­ly­gy Mäh­ri­je­mal Mämme­do­wa alyp bar­dy. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­si­niň ge­çi­şi, şol mej­lis­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden ta­ry­hy çy­ky­şy dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di. Türk­me­nis­tan — ro­waçly­gyň Wa­ta­ny ýy­ly­nyň ýyl ýaz­gy­sy­na al­tyn harp­lar bilen ýa­zyl­jak bu ta­ry­hy mejlis­de ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň möhüm me­se­le­le­ri giň­den ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Şola­ryň ara­syn­da ýur­du­my­zyň kons­ti­tu­sion esas­la­ry­ny berkit­mek we döw­let do­lan­dyry­ly­şy­nyň de­mok­ra­tik ýörel­ge­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly me­se­le­ler hem bar. Şeý­le hem mej­li­siň bar­şyn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­ny” dur­mu­şa ge­çir­mek ba­ra­da alnyp ba­ryl­ýan iş­le­riň kä­bir jemle­ri jem­le­nil­di. Mas­la­hat­da Ma­ry et­ra­bynyň ýa­şaý­jy­sy, Türk­me­nis­tanyň hor­mat­ly ilýa­şu­lu­sy Setdar­ber­di Gu­low, we­la­ýa­tyň jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki­ler çy­kyş edip, hor­mat­ly Pre­ziden­ti­mi­ziň bu ta­ry­hy mej­lisde eden çy­ky­şy­nyň öz­le­rin­de gal­dy­ran tä­si­ri, Türk­me­nis­tanyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len il-ýurt bäh­bit­li ka­rar­lar we çöz­gütler, ola­ryň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da gür­rüň ber­di­ler. Olar bu karar­la­ry we çöz­güt­le­ri, şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň mej­lis­de eden çy­ky­şyndan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de öz­le­riniň äh­li ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gaý­gyr­man iş­le­jek­dik­le­ri­ne ýyg­na­nan­la­ry ynan­dyr­dy­lar. Çy­kyş eden­ler ýur­dumyz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­le­riň göz­ba­şynda du­ran hor­mat­ly Prezi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ja­nynyň sag, öm­rü­niň uzak bolma­gy­ny, Ga­raş­syz, he­mişe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň mun­dan beýläk-de gül­läp ös­me­gi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky­nyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni üp­jün et­me­giň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan bi­möç­ber iş­lerin­de üs­tün­lik­le­riň he­mi­şe hem­ra bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di­ler.

 

Ýörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com