TÄSIRLI GEÇEN ÇÄRE

“Sag­dyn dur­muş ada­my be­ze­ýär, çünki, sag­lyk ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gymmat­lyk­dyr” diý­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň sag­ly­gy ug­run­da be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Yn­san sag­lygy­ny go­ra­mak we ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça mas­la­hat­lar­dyr çä­re­ler yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şigi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýö­ri­te me­ýil­na­masy esa­syn­da “Süýt mä­zi­niň howp­ly tä­ze dö­re­me­le­ri­niň öňü­ni al­mak we döw­re­bap be­jer­gi ge­çir­mek” at­ly yl­my-ama­ly mas­laha­tyň bi­raý­ly­gy baş­lan­dy. Go­laý­da Ma­ry şä­he­ri­niň mer­ke­zin­dä­ki “Ma­ry” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nista­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­naga­ty mi­nistr­li­gi­niň, On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar birle­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi­niň hem-de we­la­ýat on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ýurt de­re­je­sin­de “Süýt mä­ zi­niň howp­ly tä­ze dö­re­me­le­ri­niň öňü­ni almak we döw­re­bap be­jer­gi ge­çir­mek” ady bi­len yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Masla­ha­ta On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň we we­la­ýat on­ko­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň luk­man­la­ry, dür­li kär­de zäh­met çek­ýän gelin-gyz­lar gat­naş­dy­lar. Mas­la­hat­da il­ki bi­len On­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň yl­my-kli­ni­ki döş ka­pa­sasy­nyň ke­sel­le­ri bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Ça­ry Ba­ty­row çy­kyş et­di. Ol süýt mä­zi­niň howply tä­ze dö­re­me­le­ri­niň anyk­la­ýyş we be­je­riş usul­la­ry dog­ru­syn­da gym­mat­ly mas­la­hatla­ry ber­di. Soň­ra we­la­ýat on­ko­lo­gi­ýa hassa­ha­na­sy­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi­niň on­kolog luk­ma­ny Gül­je­mi­le Ça­ry­ku­ly­ýe­wa, şol has­sa­ha­na­nyň ka­bul ediş bö­lü­mi­niň mü­di­ri Yl­ýas­gu­ly Han­gel­di­ýew, şol has­sa­ha­na­nyň luk­ma­ny, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň kan­dida­ty An­na­gel­di Öwez­dur­dy­ýew da­gy çy­kyş et­di. Çy­kyş eden luk­man­lar tä­ze dö­re­me­leriň öň ýa­nyn­da­ky ke­sel­ler, oňa elt­ýän hatar­ly se­bäp­ler, tä­ze dö­re­me­le­riň ötü­şen görnüş­le­ri ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň ber­di­ler. Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar süýt mäz­le­ri­niň howp­ly tä­ze dö­re­me­le­ri­niň öňü­ni al­mak we wag­tyn­da luk­ma­na ýüz tu­tup, be­jer­gi ge­çir­mek ha­kyn­da luk­man­la­ryň be­ren masla­hat­la­ry­dyr gür­rüň­le­ri­ni uly gy­zyk­lan­ma bi­len diň­le­di­ler. Çy­kyş­la­ryň do­wa­myn­da tä­ze dö­re­me­le­riň öňü­ni al­mak bi­len bag­ly so­wal-jo­gap al­şyl­dy. *** Şeý­le yl­my-ama­ly mas­la­hat Ma­ry şä­herin­dä­ki iç ke­sel­le­ri has­sa­ha­na­syn­da hem bol­dy. Oňa we­la­ýa­tyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ulga­my­nyň has­sa­ha­na­la­ry­nyň luk­man­la­ry hem-de şä­her, et­rap sag­lyk öý­le­ri­niň onko­log maş­ga­la luk­man­la­ry, maş­ga­la şe­pagat uýa­la­ry gat­naş­dy­lar. Bu mas­la­hat­da­ky çy­kyş­lar­da-da süýt mä­zi­niň howp­ly tä­ze dö­re­me­le­ri­niň öňü­ni al­mak we döw­re­bap be­jer­gi ge­çir­mek ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Bahargül ME­JIDOWA.

“Ma­ru — şa­hu ja­han”.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com