BAŞ MAKSAT

       Türk­me­nis­tan — ro­waç­lygyň Wa­ta­ny ýy­lyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ka­bul eden Ka­rar­la­ry­dyr çöz­güt­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek we gelin-gyz­la­ryň ara­syn­da mil­li­lik, edep-ekramlylyk ýaly hä­si­ýet­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nista­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň we­la­ýat bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan ýö­ri­te me­ýil­na­ma esa­syn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çiril­di. 2-nji baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bi­niň da­ba­ra­lar ota­gyn­da gu­ra­lan wa­gyz-nesi­hat çä­re­si­ne mäh­rem eneler, mek­de­biň mu­gal­lym­la­rydyr ta­lyp gyz­la­ry gat­naş­dy­lar. Bu ýe­re ýyg­nanan­laryň ara­syn­da, il­ki bi­len, wela­ýat ze­nan­lar bölüminiň başlygynyň orun­ba­sa­ry Gö­zel Ja­pa­ro­wa çy­kyş edip, ol Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň ikin­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len il-ýurt bäh­bit­li çöz­güt­le­riň hal­kyň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len­di­gi, şol ta­ry­hy çöz­güt­le­riň dur­mu­şa ge­çiril­ýän­di­gi ha­kyn­da aý­dyp geç­di. Soň­ra wa­gyz- -ne­sihat çä­re­sin­de Ma­ry şä­her ze­nan­lar ge­ňe­şi­niň ag­zala­ry Al­tyn Mäm­me­do­wa, Ogul­şi­rin Gaş­la­ko­wa, şeý­le hem gi­ne­ko­log luk­man Aý­ na Babakulowa, 2-nji baş­lan­gyç hü­när okuw mek­debi­niň mu­gal­ly­my Aýbö­lek Gulmy­ra­do­wa çy­kyş et­di­ler. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da mäh­rem ene­le­ri­miz ene­leriň maş­ga­la­nyň sü­tü­ni­di­gi, perzent­le­ri­ni mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de gö­rel­de bol­maly­dy­gy dog­ru­syn­da nyg­tap geç­di­ler. Olar okuw­çy, ta­lyp gyz­la­ryň mil­li ýö­relge­le­ri­mi­ze eýer­meli­di­gi­ni ün­de­di­ler. Şeý­le-de wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si­niň do­wa­myn­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­zi Türk­me­nis­tanyň «Hor­mat­ly il-ýa­şu­lu­sy» di­ýen adyň da­kyl­ma­gy bi­len gut­lap, alym Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny­nyň sag, alyp bar­ýan iş­le­ri­niň rowaç bol­ma­gy­ny ar­zuw­la­dy­lar.

Durdynabat BAÝRAMOWA

 «Ma­ru — şahu ja­han».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com