Edep—ynsan bezegi

            Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wela­ ýat we Balkanabat şäher bölümleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde «Edep—ynsan bezegi» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdiler. Oňa nebitgaz ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Türkmen zenanlaryny edep-ekramlylyk bezeýär. Olar özleriniň edepliligi, akyl-paýhaslylygy bilen ýaşlara görelde bolmalydyr. Maş­ galada gyzlar edep-ekramly, arassaçyl, dogry sözli, eli çeper, milli ýörelgelerden baş çykar­ ýan adamlar edip ýetişdirilmelidir. Türkmen halkynyň durmuş ýörelgelerinde ynsanyň ahlak tämizligini, ýürek päkligini gorap saklamaklyga hemişe uly orun berlipdir. Çünki arassa ahlaklylyk ynsanyň ynsabynyň, mertebesiniň, derejesiniň, hormatynyň ýokary bolmagyna getirýär, durmuşda oňa ýagty ýol açýar. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinden kemala gelen «edep» sözi edalylyk, terbiýe, tertip, utanç, haýa, sypaýylyk ýaly çuň manylary özünde jemleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pederlerimiziň milli ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän mähriban Arkadagymyz ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde milli we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanmalydygyny aýratyn nygtaýar. Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, edep-ekramly, watansöýüji, janypkeş, ahlak taýdan arassa, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän tagallalary üçin mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle mazmundaky çäreler welaýat merkezindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde, 1-nji saglyk öýünde, «Batly gadam» hususy kärhanasynda, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde, welaýat Baş maliýe müdirliginde işjeň ýagdaýda geçirildi.

Gülnabat Anna­ta­ga­nowa. Surata düşüren Andreý Pa­kulow. «Balkan».

* * *

     Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi edepli-ekramly edip terbiýelemekde, olaryň hakyky watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär, bu ugurda milli däp-dessurlarymyza eýerilýär. Sowatly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmeginde esasy orun eýeleýän enelerimize, gelin-gyzlarymyza jemgyýetimizde uly sarpa goýulýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölüminiň guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahat hem edep-ekram meselesine bagyşlanyp, ol «Edep—ynsan bezegi» diýlip atlandyryldy. Oňa etrabyň obalarynda, şäherçelerinde, edara-kärhanalarynda hereket edýän zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, kümüş saçly eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler edepli-ekramly ýaşlarymyzyň bagtyýar halkymyzyň röwşen geljegidigi, hormatly Prezidentimiziň mährem zenanlarymyza, gelin-gyzlarymyza goýýan hormat-sarpasynyň belentdigi barada aýtmak bilen, ýaşlarymyza Gahryman Arkadagymyzyň özleri barada edýän atalyk aladalaryny du­ ýup, halal zähmet çekmeklerini, arassa ahlakly, päk göwünli, edepli-ekramly ynsanlar bolup ýetişmeklerini öwüt-ündew etdiler. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym—mukaddes lige tagzym» atly ajaýyp kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti, milli ruhy gymmatlyklary nesillerimize ýetirmekde, eziz enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy sarpalamakda tutýan möhüm orny barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda eziz Diýarymyzda zenanlaryň döwletimize we jemgyýetimizde tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmaga, edepli-ekramly ýaş nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözler aýdyldy.

Arazgeldi Gur­banýa­zow.

«Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com