TA­RY­HY ÖZ­GERT­ME­LE­RE BUÝ­SANÇ

Änew şä­he­rin­dä­ki Me­de­ni­ýet öýünde ge­çi­ri­len wa­gyz-ne­si­hat hä­si­ýet­li da­ba­ra­ly du­şu­şyk we­la­ýat hä­kim­li­gi hem-de jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­rapyn­dan gu­ral­dy. Oňa we­la­ýa­ty­my­zyň dür­li ýe­rin­den jem­gy­ýe­tiň dür­li gat­lakla­ry­nyň we­kil­le­ri, eda­ra-kär­ha­na­la­ryň iş­gär­le­ri, ta­lyp ýaş­lar, şeý­le-de Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry gatnaş­dy. Du­şu­şyk­da sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­leri, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, mäh­rem ene­ler, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry çy­kyş edip, ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy-jemgy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka öw­rü­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­laha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­lisin­den ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler, öň­de goý­lan maksat­lar, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň umumy­mil­li fo­rum­da­ky çy­ky­şy­nyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da gi­ňiş­le­ýin söz aç­dy­lar hem-de milli Liderimiziň Esasy Ka­nu­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, iki pa­la­ta­ly par­la­mentiň iş­le­me­gi­ne esas bol­jak ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şykly baş­lan­gy­jy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çekdi­ler. Du­şu­şyk­da çy­kyş eden­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçindir!” di­ýen çuň ma­ny­ly tag­ly­ma­ty­nyň iş ýü­zün­de uly ro­waç­ly­ga bes­len­ýän gün­le­rin­de ata Wa­ta­ny­my­zyň sy­ýasy dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän ta­ry­hy öz­gert­me­le­riň ulus-ili­mi­zi buý­san­dyr­ ýan­dy­gy­ny gu­wanç bi­len nyg­ta­dy­lar. Ola­ryň bel­leý­şi ýa­ly, ra­ýat­la­ryň hasda eş­ret­li we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­ şa­ma­gy­na, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na, dün­ýä­dä­ki şan-şöh­ra­ty­nyň be­len­de gö­te­ril­me­gine gö­nük­di­ri­len be­ýik ta­gal­la­la­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ulus-ilimi­ze, eziz Wa­ta­ny­my­za bo­lan çäk­siz söý­gü­si bar. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­titu­si­ýa­sy­ny mun­dan beý­läk-de kä­milleş­dir­mek, iki pa­la­ta­ly­ ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän iş­le­riň göz­ba­şyn­da hem Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň döw­le­ti­mi­ziň hu­kuk bin­ ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hal­ky­my­zyň bagtyýar durmuşy bi­len bag­la­ny­şyk­ly ala­da­la­ry du­ran­dyr. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar ba­ky bagty­ýar dur­mu­şy peş­geş be­ren­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri­ni aýt­dy­lar. Soň­ra toý ly­ba­syn­da be­ze­len sah­na­da we­la­ýa­ty­my­zyň mede­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň, tans we halk dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň aý­ dym-saz­ly çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Us­sat ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň çy­kyş­la­ryn­da bag­ty­ýar­ly­ga bes­le­nen döw­rü­mi­ziň, Arka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­ry­hy äh­mi­ýet­li be­ýik tu­tum­ly iş­le­ri­niň, ru­hu­be­lent halky­my­zyň was­py öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com