ÖZGERTMELER — DÖWRÜŇ WAJYPLYGY

      Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat adalat bölüminiň, TDEI-niň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginiň uly mejlisler zalynda ýygnanyşyk boldy. Oňa welaýat, etrap şäher jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, TDEI-niň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, welaýat adalat bölüminiň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnanyşygy welaýat häkiminiň orunbasary Mährijemal Mämmedowa alyp bardy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda bolup geçýän konstitusion özgertmeleri halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek, şol özgertmeleri wagyz etmäge jemgyýetçilik guramalarynyň we bilim işgärleriniň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek maksadynda geçirilen ýygnanyşykda çykyşlara giň orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatlarynyň il-ýurduň bähbidine gönükdirilendigi, ýurdumyzyň durmuşyndaky konstitusion özgertmeler hakyndaky buýsançly sözler çykyşlaryň özenini düzdi. TMÝGniň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow, TDEI-niň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Maýa Akmyradowa, welaýat adalat bölüminiň baş maslahatçysy Şemşat Bäşimowa, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekim Orazberdiýew şeýle mazmunly çykyşlarynda il-halkynyň aladasyndaky Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjeren GELDIÝEWA.

TMÝG-niň welaýat geňeşiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com