Döwrüň wajyp wezipesi

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçyly-gynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi ýurdumyzda milli demokratiýanyň kämilleşýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Milli Liderimiziň maksatnamalaýyn taryhy çyky­ şynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen belent sepgitler, geljekde durmuşa geçirilmeli işler beýan edildi. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynda oňat netije berýän toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkeýändigi, raýatlaryň hukuklaryny we borçlaryny aýdyň kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändigi nygtalyp geçildi. Obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bereket etrap häkimligi TDP-niň etrap komiteti, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap guramasy, etrap kazyýeti bilen bilelikde şu meselä bagyşlanan maslahat geçirdi. Oňa etrabyň oba hojalyk işgärleri, edara-kärhanalaryň, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisiniň çözgütlerini durmuşa geçirmegiň ýollary barada durup geçdiler. Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegiň döwrümiziň derwaýys wezipesidigini nygtadylar. Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşa­ ýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda durmuşa geçirýän işleri üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gurbanberdi Goýun­lyýew. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com