Wagyz-nesihat çäresi

Bereket etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, etrap polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesi bilelikde «Zenanlar mertebe sütünidir» diýen at bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ene-atalar gatnaşdylar. Duşuşykda aýal-gyzlara goýulýan sarpa, köpçülikde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kadalary, ýaşlaryň arasynda geçirilýän terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek barada gürrüň edildi. Ýaşlara döwrebap bilim we terbiýe bermekde mekdep mugallymlarynyň hem-de ene-atalaryň birleşen tagallalarynyň möhüm orna eýedigi nygtaldy.

(Öz habarçymyz).

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com