Hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikler

       «Häzirki wagtda biziň maksadymyz GDA-nyň işine täze itergi bermekden, ony häzirki zaman ösüşiniň ýagdaýlaryna hem-de ugurlaryna laýyk derejä çykarmakdan, Arkalaşygyň halkara hem-de sebit gün tertibindäki özgerişliklere dogry hem-de öz wagtynda seslenmek ukybyny üpjün etmekden ybaratdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleriniň iş ýüzünde amala aşyrylýan aja- ýyp hakykatdygyna biz şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň türkmen paýtagtynda bolup geçen mejlisinde aýdyň göz ýetirdik. Arkadag Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşy bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň döwletleriň we halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakdan, özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmekden ybaratdygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Şu günler gözel paýtagtymyzda geçirilen sammite bagyşlanan maslahatlar giň gerimde ýaýbaňlan- ýar. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ynsanperwerligiň röwşen ýoly bilen» atly dabaraly maslahat hem şolaryň biri bolup, ony welaýat häkimligi jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurady. Dürli kärdäki adamlaryň çykyşlaryna giňden orun berlen maslahatda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Munuň gözbaşynda durýan Arkadag Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen başlangyçlarydyr teklipleri dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolýar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sammite gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda milli Liderimize GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň çözgüdi esasynda «Ynsanperwer hyzmatdaş- lygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medalynyň gowşurylmagy bu ykrarnamanyň nobatdaky subutnamasy boldy. Çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etmek bilen, Gahryman Arkadagymyzy bu ýokary sylag bilen tüýs ýürekden gutladylar, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Paýtagtymyzda bolup geçen taryhy sammitiň bar- şynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň kabul edilenligi we bu resminamanyň ähmiýeti dogrusynda hem dabaraly maslahatda giňişleýin gürrüň edildi. «Tutuş GDA-nyň hem-de oňa agza döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitlerini amala aşyrmaga ylalaşykly çemeleşmeleri kemala getirmäge gönükdirilen bu Jarnamanyň taslamasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taý- ýarlanandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi mähriban Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynyň, öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetlidigini nobatdaky gezek subut edýär» diýip, çykyş edenler guwanç hem-de buýsanç bilen bellediler. Gahryman Prezidentimize alkyş hem-de hoşallyk sözleri maslahatda öwran-öwran aýdylyp, olar bagtyýar raýatlarymyzyň kalplarynyň senasy bolup ýaňlandy. (Öz habarçymyz).

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com