HA­LAL­LYK — BAŞ ÝÖ­REL­GÄ­MIZ

Ýakynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşmek bilen baglanyşykly aýdanlaryndan ugur alnan bu wagyz-nesihat maslahatyny welaýat häkimligi, welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerinden maliýe we ykdysadyýet toplumyna girýän edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdy. Maslahaty welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy Guwanç Orazmuhammedow açyp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen talaplaryna ýetirmek, Bitarap döwletimiziň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda durmuşa geçirýän dünýä nusgalyk işleri barada aýtmak bilen, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk Geňeşiniň bilelikdäki göçme mejlisinde korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşmek bilen baglanyşykly aýdanlaryna ünsi çekdi. Ol çykyşynyň barşynda ýaramaz endiklerden daşda durmagyň, halal we päk zähmetiň bilen beýik ösüşlere goşant goşmagyň ähmiýeti hakyndaky gürrüňe aýratyn ähmiýet berdi. Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýewiň, welaýat polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň işgäri Maksat Çaryýewiň, welaýat kazyýetiniň uly maslahatçysy Soltanmyrat Goçgulyýewiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Omarguly Serdarowyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň baş hünärmeni Berdimyrat Çaryýewiň çykyşlary hem dykgatly diňlendi. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwrebap şertlerde döredijilikli zähmet çekmäge, döretmäge, zähmetiň hözirini görüp ýaşamaga döredilen mümkinçilikler hem-de döwlet Baştutanymyzyň her bir raýatyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işleriniň ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Maslahatda korrupsiýanyň, parahorlygyň ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň ösüşini bökdeýändigi, ata Watanymyzyň okgunly ösýän döwründe şeýle ýaramaz ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almagyň möhüm wezipedigi barada aýratyn durlup geçildi hem-de ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmakda aýdylanlar jemgyýetçilik guramalarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikdäki wagyz-nesihat çäreleriniň ähmiýeti bellenildi. Maslahatda çykyş edenler oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň daşyna has mäkäm jebisleşip, päk we halal zähmet çekmek arkaly, ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine goşant goşmagy ündediler.

Yörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com