Biraýlyga bagyşlandy

Welaýat onkologiýa hassahanasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bşlüminiňbilelikde guramagynda Türkmenabat şäher medeniýet öýünde «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşiň biraý­ lygyna» bagyşlanyp maslahat geçirildi. Biraýlygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan taý­ ýarlanylan ýörite iş meýilnamasy esasynda çäreleriň birnäçesi guraldy. Bu meýilnama Türkmenistanyň «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Kanunyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny, Türkmenistanyň «Durmuş ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda süýt mäzleriniň we ýatgy boý­ nunyň täze döremelerine garşy göreşiň strategiýasyny» ýerine ýetirmegi, şeýle hem ýurdumyzda süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almagy ýüze çykarmagy, netijeli bejergisini üpjün etmegi öz içine alýar. Şäher medeniýet öýünde geçirilen maslahat biraýlygyň öz maksadyna ýetmegindäki ädimleriň biri boldy. Onda welaýatymyzdaky saglyk merkezleriniň tejribeli lukmanlary çykyş edip, bu keseliň döremeginiň sebäpleri barada gürrüň berdiler. Maslahatda bellenilişi ýaly, süýt mäzleriniň howply täze dö­ remeleriniň öňüni almak, anyklamak, bejermek we adamlaryň saglygyny dikeltmek bilen bagly welaýatymyzda uly işler alnyp barylýar. Guwandyryjy maglumatlaryň biri hem welaýat onkologiýa hassahanasyna bu kesel bilen ýüz tutýan raýatlaryň sanynyň barha azalýanlygydyr. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde işleriň gerimini mundan beýläk hem giňeldip, ynsan saglygy babatynda uly ädimi ätmek mümkindir. Çünki hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzdan başlap, ähli wela­ ýatlarda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň döwrebap binalary guruldy. Olar lukmançylygyň iň täze gazananlary bilen üpjün edildi. Bu gün bu merkezler ýurdumyzyň eneleriniň we bagtyýar çagalaryň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýedir.

Ma­ral AGA­MYRA­DO­WA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com