AÝDYŇ MENZILLERI NAZARLAP

Öz ösüşiniň täze tapgyrynda beýik tutumlara beslenip belent sepgitlere barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryh üçin örän gysga döwürde döwletimiziň berk binýady döredildi. Milli ýörelgelerimize eýermek bilen, hormatly Prezidentimiz döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri ama la aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde, gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn netijeler bilen utgaşdyrmak arkaly ýurdumyzy düýpli özgerdýär we onuň şan-şöhratyny beýgeldýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelge bazar özgertmelerini amala aşyrmak we halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu günki gün halkymyz ýurdumyzda yglan edilen ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmek ýolundan batly gadamlar bilen öňe barýar. Jemgyýetimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ah lak we demokratik gymmatlyklaryna aýawly garalýan häzirki bagtyýarlyk döwrümizde mähriban zenanlarymyz hem ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda halal, tutanýerli zähmetleri bilen gazanylýan üstünliklere öz goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň zenanlar guramasy täzeleniş döwrümiziň häzirki hil taýdan täze tapgyrynda gelin-gyzlarymyzyň jemgyýetçilik işjeňligini, ukypbaşarnygyny, milli aýratynlyga esaslanýan edep-ekramlylygyny görelde mekdebiniň derejesine götermek babatynda döwrebap işleri durmuşa geçirýär. Üstümizdäki ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we medeniýet işgärleri bilen geçiren duşuşygynda öňde goýan aýdyň wezipelerini durmuşyň ähli ugurlarynda amal etmek babatda guramanyň işjeň agzalary tarapyndan tutanýerli işler ýerine ýetirilýär.

Bu babatda biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebimiziň ilkinji zenanlar guramasy hem gaýragoýulmasyz işleri alyp barýar. Guramamyzyň işjeň agzalary Gahryman Arkadagymyzyň gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açmaga, olaryň eziz Watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşmaga döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Şu ýerde ilkinji nobatda ýaş gyzlaryň durmuşa gatnaşygyny ýola

goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň gymmatly gollanma bolup durýandygyny nygtamak gerek. Häzirki zaman talaplaryna laýyk bilim berlişiniň derejesini kämil terbiýe bilen utgaşdyrmakda zandy halal halkymyzyň gadymy ýol-ýörelgeleriniň ajaýyp nusgalary bolup durýan gymmatlyklarynyň giň beýany jemlenen bu eseriň ähmiýeti örän uludyr. Guralýan wagyz-nesihat çärelerimizde eseriň her bir gymmatly jümlelerine ýüzlenilýär, ol ýaş gyzlaryň durmuşa gatnaşygyny işjeňleşdirmekde ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar.

Mekdebimizde «Gülälek» gyzlar kluby hereket edýär. Onuň düzüminde 7-11-nji synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň 200-e gol aýy bar. Kluba agza gyzlarymyz hem-de mekdebimiziň zenan mugallymlary bilen ýörite meýilnama esasynda dürli duşuşyklar, milli gymmatlyklarymyzy wagyz edýän ençeme çäreler yzygider guralýar. Bu klubuň döredilmegi ýaş gyzlaryň ene-mamalarymyzdan miras galan milli el hünärlerimize, milli tagamlarymyzy taýýarlamaga höwesini artdyrmaga, olary milli ýörelgelerimize ygrarlylyk ruhunda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýär. Üstümizdäki ýylda «Iň gowy

gyzlar kluby» atly yglan edilen bäsleşikde biziň «Gülälek» gyzlar klubumyz 1-nji orna mynasyp boldy. Ene-mamalarymyzdan biziň günlerimize çenli gelip ýeten maddy hem ruhy gymmatlyklary wagyz etmek maksadyna gönükdirilip guralan bäsleşigiň dowamynda gyzlar keşde çekmegiň, gaýma gaýamagyň, köýnek biçmegiň, dokmaçylyga degişli ugurlaryň inçe tilsimlerini örän ussatlyk bilen görkezmegi başardylar. Halk döredijiliginiň, däp-dessurlarymyzyň has erjellik bilen aýdyň şöhlelendirilmegi ilkinji guramamyzyň alyp barýan irginsiz işleriniň netijeli häsiýete eýedigini açyp görkezdi.

Bulardan başga-da, mekdebimiziň zenan mugallymlary, okuwçy gyzlary milli Liderimiziň jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak üçin kabul eden maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi ugrunda zähmet çekýärler, döwrümizi beýgeltmäge saldamly goşantlaryny goşýarlar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz edýän döwletimizde ýaş nesliň arassa ahlakly, kämil terbiýeli, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, milletiň genofonduna zyýanly täsirini ýetirýän nogsanlyklaryň öňüni almak maksadyna ýugrulan wagyz-nesihat çärelerinde özleriniň işjeňligini görkezýärler. Nesip bolsa, bu işleri mundan beýläk hem dowam etdireris, hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipelerini öz wagtynda, talaba laýyk ýerine ýetirmäge hemişe işjeň gatnaşarys.

Ýurdumyzyň bagtyýar geljegini şu günden gurýan Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Artykbibi GÖLLIÝEWA, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com