ZENAN EDEBINIŇ ZYNATY

ÖŇ­ŇIN şeýle at bilen Änew şäherinde ýerleşýän Milli “Ak bugdaý” muzeýiniň öňündäki meýdançada aýdym-sazly dabara geçirildi. Milli ruha beslenen bu dabarany Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi gurady. Oňa welaýatymyzyň ähli ýerinden öňdebaryjy zenanlar gatnaşdy. Giň meýdança diýseň gözel görnüşe beslendi. Ol ýerde çeper elli zenanlar tarapyndan ussatlyk bilen sünnälenen el işleriniň giň göwrümli sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar milli öwüşgine baý bolan bu sergini gyzyklanma bilen synladylar. Onuň barşynda zenan bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar hemmeleriň göwnüni göterdi. Dabaranyň geçýän ýerinde zenanlaryň ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýän pursatlaryny synlamak has-da ýakymly boldy. Bäherden etrabyndan gelen zenanlaryň öz şägirtleri bilen haly, tara dokaýan, gökdepeli zenanlaryň milli lybaslary tikýän, gyňaç seçekleýän, kakaly zenanlaryň ýüň daraýan, ýüňi saýýan, ik egirýän, ýumak saraýan pursatlary aýratyn ünsi çekiji boldy. Ak bugdaý etrabyndan gelen zenanyň maşgala agzalary bilen alaja işmegi, Tejen şäherinden gelen zenanlaryň keçe güllemegi we keçe basmagy, sarahsly gelen-gyzlaryň jorap, ýeňsiz örmek ýaly işleri ýerine ýetirmegi, Tejen we Babadaýhan etraplaryndan gelenleriň keşde, jähek çekmegi, aldymgaç kakmagy, şeýle-de bu işleri öz şägirtlerine hem öwretmekleri dabaranyň many-mazmunyny artdyrdy. Ýaşlary gadymdan gelýän milli hünärlere ugrukdyrmakda, olaryň hünärli bolmagyny gazanmakda bu dabaraly çäre örän uly ähmiýete eýe boldy. Onuň barşynda zenanlar el işleriniň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňleri edip, milli nagyşlaryň döreýşi bilen bagly rowaýatlary, halk döredijiliginden parçalary aýdyp dabaranyň täsirini artdyrdylar.

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

SURATLARDA: dabaradan pursatlar.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com