DOKMA DOKAR ELLERI

TMÝG-niň Mer­ke­zi Ge­ňeşi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň, Türk­menis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň bi­le­lik­de gura­ma­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­miziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň çe­per el­li dok­ma­çy ge­lin-gyz­la­ry­nyň ara­syn­da “Dokma do­kar el­lerim” at­ly bäs­le­şik ge­çi­ril­di. We­la­ýat ýaş­lar ge­ňe­şi­niň mejlis­ler za­lyn­da ge­çi­ri­len bäs­le­şi­giň we­la­ýat tap­gy­ry tu­ruw­baş­dan şow­hun­ly bo­lup, eli çe­per gyz-gelin­ler şert­le­riň 4-si bo­ýun­ça başar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Çe­per söz­ler bi­len özü­ňi ta­nyş­dyr­mak, ga­dy­my mil­li ly­bas­la­ryň we ola­ra sa­lnan na­gyş­la­ryň ga­dy­my­ly­gy, na­gyş­la­ra si­ňen syr­ly şe­kil­le­riň aň­lad­ýan ma­ny­sy­ny be­ýan et­mek bäs­deş­le­riň için­den us­sa­dy­ny öňe saý­la­dy. “Keş­de çe­ker el­lerim” hem-de “Kes­bi-kä­rim ne­sille­re gö­rel­de” at­ly şert­ler­de hem bäs­deş­ler ga­dy­my we hä­zir­ki­zaman keş­de-na­gyş­la­ryň was­py­ny ýe­tir­di­ler. Ne­ti­je­de, bäs­deş gyz-ge­linler­den Baý­ra­ma­ly et­ra­byn­da­ky dok­ma top­lu­my­nyň ti­kin­çi­lik bölü­mi­niň iş­gä­ri Çy­nar Hal­ly­ýe­wa bi­rin­ji or­na, We­kil­ba­zar et­ra­bynda­ky dok­ma top­lu­my­nyň gö­zegçi­si Je­mal Ber­ke­li­ýe­wa bol­sa baş baý­ra­ga eýe bol­du­lar. Ýe­ňi­ji­le­re we­la­ýat ýaş­lar ge­ňe­şi ta­ra­pyndan sow­gat­lar we Hor­mat hat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Bäs­le­şik­de baş baý­ra­ga myna­syp bo­lan eli çe­per Je­mal Berke­li­ýe­wa bu bäs­le­şi­giň Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ri­len döw­let tap­gyryn­da hem üs­tün­lik­li çy­kyş edip ýe­ňiş ga­zan­dy. We­la­ýa­ty­my­zyň äh­li ýaş­la­rynyň adyn­dan dok­ma­çy gy­zy gaza­nan ab­raý­ly ýeňşi bi­len gut­laýa­rys. Goý, oňa ýe­ne­ki ýe­ňiş­ler, üs­tün­lik­ler hem­ra bol­sun! Döwran WELBEKOW. TMÝG-niň welaýat geňeşiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com