Zenan başarnygy

    Türkmen zenanlarynyň yhlaslydygyny, her bir işe ak ýürek bilen ýapyşyp, başarjaňlyk bilen alyp çykýandyklaryny durmuş hakykaty subut edip gelýär. Bu telekeçilik işinde-de şeýle. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelen türkmen telekeçileriniň arasynda zenanlaryň bolmagy buýsandyrýar, Telekeçi zenanlar bu günki gün haly we haly önümlerini öndürip, milli lybaslaryň, amaly-haşam sungatynyň nusgalyk görnüşlerini taýýarlap, milli baýlygymyzyň, medeni gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagyna, dürli görnüşli tutulary, ýapynjalary taýýarlap, medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bezeginiň artmagyna, dürli azyk önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen Işewür zenanlaryň merkeziniň agzalary hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasatlaryny ýurdumyzyň hususy pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda çuň many-mazmunda wagyz-nesihat etmek bilen birlikde, türkmen gelin-gyzlaryny telekeçilik işine çekmekde hem ýokary işjeňlik görkezýärler. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy ulgamda işleýän türkmen zenanlarynyň sany barha artmak bilen. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kördeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen birlikde telekeçi zenanlaryň gatnaşmagynda zenan başarnygyna bagyşlap geçiren sergi-maslahaty bu hakykatyň nobatdaky subutnamasy boldy.

«Biziň başarnyklarymyz» diýlip atlandyrylan sergi-maslahatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginde telekeçi zenanlaryň mynasyp orny beýan tapdy. Giň foýede guralan sergide ýaýbaňlandyrylan azyk we senagat önümleriniň dürli görnüşleri, haly we haly önümleri, el işleri we zergärçilik sungaty telekeçi zenanlaryň ukyp-başarnyklaryny ýene-de bir gezek halk köpçüligine äşgär etdi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy, halyçy-telekeçi Orazgül Eýeberdiýewa sergi-maslahatyň täsirleri barada şeýle gürrüň berdi:

— Türkmen zenanlarynyň işbaşarjaňlygy, zähmetsöýerligi ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüş-özgerişlerinde açyk-aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Ýurdumyzyň hususy pudagynda zenanlarymyzyň mynasyp orny barada sergi-maslahatda edilen çykyşlarda uly buýsanç bilen bellenildi. Bu ugurdan tapawutly işleýän telekeçileriň ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna yglan edilýän «Ýylyň zenany» atly bäsleşikde «Ýylyň telekeçi zenany» ugry boýunça ýeňiji bolýandyklary hem olaryň ukyp-başarnygyndan nyşan. Şunuň ýaly sergi-maslahatlaryň geçirilmegi, dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar bilen tejribe we pikir alyşmagymyza, täze başarnyklaryň ýüze çykmagyna täsir edýär. Şeýle mümkinçilikleri döredýän mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com