BIRAÝLYGA BAGYŞLANDY

Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde “Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmegiň” biraýlygy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hemde welaýatyň Saglygy goraýyş müdirligi bilelikde guradylar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň we “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenilen wezipeleri 2014— 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli Strategiýasyny ýerine ýetirmegiň meýilnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan çäreleriň üstüni ýetiren bu maslahata welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda zähmet çekýän zenanlar, saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdy.

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýar durmuşy ugrunda edilýän aladalar, saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan üstünlikli işler barada täsirliden gyzykly gürrüň etdi. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalar onuň çykyşynyň özenini düzdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň süýt mäz keselleri boýunça ylmy işgäri Çary Batyrow, Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygy goraýyş merkeziniň bölüm müdiri Maýa Ärsaryýewa, Gökdepe etrap köpugurly hassahanasynyň onkolog lukmany Kararmuhammet Gadamow, Gökdepe şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň lukmany Maýa Şetdatowa dagynyň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynda nusgalyk işler alnyp barylýar, ynsan saglygyny goramak boýunça köp tagallalar edilýär. Enäniň saglygyny goramak, sagdyn nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalar has-da guwandyrýar. Şeýle tagallalarda ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň ähmiýeti juda uludyr. Bu gün Diýarymyzyň ähli welaýatynda we paýtagtymyzda “Ene mähri” merkezleri hereket edýär, döwrebap sagaldyş, keselleriň öňüni alyş merkezleri gurulýar, öňden bar bolan desgalar döwrebaplaşdyrylýar, sahawatly türkmen topragynda ösýän melhemlik ösümlikleriň esasynda derman serişdeleri öndürilýär. Bu zatlar raýatlaryň saglygyny goramak hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr.

Maslahatda süýt mäzleriniň howply täze döremelerine getirýän keseller, ony irki döwürde ýüze çykarmagyň, bejermegiň ýollary, şeýle-de ötüşen derejeleri baradaky giňişleýin gürrüňe aýratyn ähmiýet berlip, oňa gatnaşýan zenanlara şolar dogrusynda degerli öwüt-ündewler edildi. Maslahata gatnaşyjylar bilen özara sowal-jogap alşylmagy onuň ähmiýetini we netijeliligini artdyrdy.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com