“HALAL ZÄHMET-BAGTYÝAR DURMUŞYŇ KEPILI” ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

      Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň bilelikde guramagynda “Halal zähmet-bagtyýar durmuşyň kepili” atly  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 Duşuşygy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Jennet Ballyýewa açyp, onda Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Annagözel Hangulyýewa,

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory Jennet Arazowa, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň uly maslahatçysy Hajarbibi Handurdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň harby gullukçyçy, kapitan Remezan Gullyýew, Türkmenistanyň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň işgäri Rüstem Salamatow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Begenç Baýramow çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com