Wa­gyz - ne­si­hat çä­re­leri. GYZ EDEBI TÄMIZLIKDIR

Go­laý­da Ma­ry ne­bit­gaz or­ta hü­ när okuw mek­de­bi­niň mej­lis­ler zalyn­da “Gyz ede­bi tämiz­lik­dir” di­ýen at bi­len wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si ge­çi­rildi. Ze­nan ede­bi bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­rä­ni Ma­ry şä­her hä­kim­li­gi bi­len ne­bit­gaz or­ta hü­när okuw mek­debi­niň ze­nan­lar gu­ra­ma­sy bi­le­lik­de gu­ra­dy. Bu da­ba­ra mäh­rem ene­ler Al­tyn Mäm­me­do­wa, Oraz­bi­bi Bä­ şi­mo­wa, Sül­gün To­ru­mo­wa şeý­le hem mek­de­biň ta­lyp gyz­la­ry we zenan mu­gal­lym­la­ry gat­naş­dy­lar. Wa­gyz-ne­si­hat çä­re­si­ni mek­debiň ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň baş­lygy Gö­zel Ta­ga­no­wa açyp, ze­nan edebi­niň dur­muş­da­ky äh­mi­ýe­ti dog­ru­syn­da tä­sir­li gür­rüň ber­di. Soň­ra bu ýerde şä­her ze­nan­lar ge­ ňe­şi­niň ag­za­la­ry, mäh­rem ene­ler Al­tyn Mäm­me­do­wa, Oraz­bi­bi Bä­şimo­wa, Sül­gün To­ru­mo­wa hem-de mek­de­biň baý­ry mu­gal­ly­my Ene Nu­ry­ýe­wa çy­kyş et­di­ler. Olar öz çy­kyş­la­ryn­da ba­har gül­le­ri­ne de­ ňel­ýän ze­nan­la­ryň edep-ter­bi­ýe­si, gy­lyk-hä­si­ýe­ti, dur­muş­da öz­le­ri­ni nä­hi­li alypbar­ma­ly­dy­gy ha­kyn­da du­rup geç­di­ler. Soň­ra şä­her hä­ki­mi­niň orunba­sa­ry, şä­her ze­nan­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Ba­har To­ru­mo­wa çy­kyş et­di. Ol dün­ýä­niň gör­ki ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­ny, ola­ryň el­myda­ma owa­dan gül­ler ýa­ly owa­dan bol­ma­gy, şol owa­dan­ly­gyň hem edep-ter­bi­ýe bi­len bag­ly­dy­gy hakyn­da bir­nä­çe gys­ga­jyk ro­wa­ýatdyr he­ka­ýat­la­ryň üs­ti bi­len gür­rüň be­rip, çä­rä gat­na­şan­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy.

An­na­gel­di KÄL­LI­ÝEW

 “Ma­ru — şa­hu ja­han”.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com