ZE­NAN SAR­PA­SY

        Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, türkmen halky uly zähmet üstünlikleri bilen öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda hem bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezinde hem bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasat ugurlaryndaky üstünlikler ilat arasynda mynasyp wagyz edilýär. 12-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ ňe­şi­niň, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da, «Gen­der deň­li­gi we mil­li däp­le­ri­mi­ziň sazla­şyk­ly ut­gaş­ma­gy» di­ýen at bi­len okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. «Ene — dün­ýä­niň göz­ba­şy, ýa­şaý­şyň baş­lan­gy­jy» diý­lip ýö­ne ýe­re aý­dy­la­nok. Eziz ene­ler dün­ýä jan ge­ti­rip bil­ýän­li­gi üçin hem mu­kad­des sa­ýyl­ýan­dyr. Ze­nan­lar özü­niň mäh­ri, edep-ek­ram­ly­ly­gy bi­len äle­miň gö­zel­li­gi­ne nur çaý­ ýan­dyr. On­soň, ze­nan­lar ha­kynda, ene mu­kad­des­li­gi ha­kyn­da ne­neň söh­bet aç­ma­jak?! Nu­ra­na, mä­hir do­ly ene­le­riň, ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­ny, şeý­le-de gender deň­li­gi dog­ru­syn­da şol gün Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň Mer­ke­zi­nde hem gür­rüň edil­di. Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­de eýe­le­ýän or­nu­ny mun­dan beý­läk-de ýokar­lan­dyr­mak, ola­ry ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şy­na iş­ jeň çek­mek, de­mok­ra­ti­ki şert­ler­de ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­tini iş­jeň­leş­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Kara­ry bi­len tas­syk­la­nan «Türk­menis­tan­da gen­der deň­li­gi bo­ýun­ça 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin Mil­li He­re­ket­le­riň Me­ýil­na­masy­nyň» çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len bu okuw mas­la­ha­ty örän gy­zyk­ly we ne­ti­je­li ge­ç­di. Oňa Türk­menis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň hü­när­men­leri, ta­ny­mal ha­ly­pa žur­na­list­ler, yl­my iş­gär­ler, mu­gal­lym­lar gatnaş­dy­lar. Okuw mas­la­ha­ty­na gat­na­şan­lar hal­ky­my­zy ak ýol­lar­dan öňe alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myzyň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li be­ýik iş­ le­ri­niň mun­dan beý­läk-de ro­waç ­bolmagyny ar­zuw et­di­ler.

«Watan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com