ZENAN MERTEBESI — — DÖWLET SYÝASATY

Güneşli Diýarymyzda zenanlaryň hukuklaryny we ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy, edep-ekramlylygy, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde zenanlaryň arasynda täsirli çäre geçirildi. “Zenan mertebesi — döwlet syýasaty” ady bilen dabaralandyrylan bu çäräni orta hünär okuw mekdebi şäher zenanlar geňeşi bilen bilelikde gurady. Ony orta hünär okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň başlygy Altyn Gaşlakowa alyp bardy. Çärede şäher zenanlar geňeşiniň agzalary mährem eneler Altyn Mämmedowa, Orazbibi Bäşimowa, mekdebiň mugallymlary Şirin Hommakowa, Bibigözel Abdyýewa, mekdebiň gyzlar gurnagynyň işeňňir agzasy Jennet Begmyradowa dagy çykyş etdi. Olar durmuş mekdebinde köpi gören enelerimizden miras galan maşgala ojagyndaky gyzgelinlerimizi milli ruhumyza muwapyk derejede terbiýelemek, olara edep-ekram öwretmek barada çykyş etdiler. G. SEÝDILLÄÝEWA. SU­RAT­LAR­DA: wa­gyz-ne­sihat çä­re­sin­de.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com