YNSAN SAGLYGY

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birle­şiginiň Merkezi Geňeşiniň “In­çekesele garşy göreş çärelerine jemgyýetçilik guramalaryny we raýat toparlaryny çekmek” bo­ýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna laýyklykda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde “Ynsan saglygy — ýurduň baý­lygy” ady bilen saglygy goramaga bagyşlanan çäre guraldy. Zenanlaryň dürli ýokanç keseller, şol sanda inçekesel babatynda bilýänlerini artdyrmak, kesel ýüze çykan halatynda tizden-tiz degişli lukmanlara ýüz tutmak, bejergi almak, in­çekesele garşy göreş çärelerini güýçlendirmek arkaly onuň öňü­ni almak maksadynda geçirilen çärä welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň işgärleri, welaýat zenanlar bölü­miniň hem-de ýaşlar guramasynyň işjeňleri gatnaşdylar. Zenanlarda inçekeseli wagtynda ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça geçirilýän çä­reler dogrusynda welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmany Maýa Ýegenmyradowa, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň işgäri Oguljuma Saparmuhammedowa, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň zenanlar guramasynyň baş­lygy Gözel Taganowa, TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Aýsenem Myradowa we beýlekiler çykyş etdiler. Aý­jan AB­DY­ÝE­WA. “Ma­ru — şa­hu ja­han”.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm