Gyz edebi—gözellik

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, jemgyýetimizde gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpa, zenanlar barada edilýän alada ata-baba ýol ýörelgelerimizden, milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýar. Ýakynda Esenguly etrabynyň merkezinde ýerleşýän 9-njy orta mekdebiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary we etrap bilim bölümi bilen bilelikde guran wagyz-nesihat du- şuşygy hem «Gyz edebi—gözellik» diýlip atlandyrylyp, oňa kümüş saçly eneler, etrap merkezinde ýerleşýän bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Duşuşykda gyz edebi, zenan gö- zelligi we mertebesi, ony gorap saklamak, ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli nesil terbiýesi, ruhy-ahlak ýö- relgelerimiz, eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gelin-gyzlarymyza goýulýan hormat-sarpa, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň bu ugurdaky terbiýeçilik ähmiýeti barada edilen çuň manyly gürrüňler, şol kitapdan ene mertebesi barada okalan parçalar duşuşyga gatnaşanlarda uly täsirleri galdyrdy. Ýokary işjeňlik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçen çärede ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ugrunda atalyk aladalaryny ed- ýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi. Arazgeldi Gur­banýazow. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com