DU­ŞU­ŞYK GE­ÇI­RIL­DI

TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşi etrap bilim bölümi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilen bilelikde etrapdaky 4-nji, 26-njy, 29-njy orta mekdeplerde zähmet çekýän mugallymlaryň, şeýle hem ýokary synp okuwçy gyzlaryň arasynda «Gyzly öý — gyzylly öý» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny gurady. Mekdeplerde geçen wagyz-nesihat çärelerinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem mährem eneler ýaşlaryň edep-ekramy, maşgala gymmatlygy, zähmetsöýerlik, ata Watanymyza wepaly nesil bolup ýetişmekleri barada çykyş etdiler. Ýaş nesillerimizi päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek bu duşuşygyň ähmiýetli wezipesi boldy. Duşuşykda çykyş edenler ýaşlara ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny, bidüzgünçiliklere ýol bermezliklerini sargadylar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşpeş berýän bagtyýar hem-de bolelin durmuşy, täze maşgala gurjak ýaşlara berýän ýardam-goldawlary, şeýle-de maşgalanyň berkligi üçin edilýän aladalar barada durup geçdiler, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan agraslygy, asyllylygy, edepliligi wagyz-nesihat etdiler. Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygynda ýurdumyzda ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn durmuşa hyjuwly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Bäşim DÖWLIÝEW, TMÝG-niň Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com