HALY — TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

Ýakynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Ahal welaýat zenanlar bölüminiň, Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata welaýatymyzyň işewür zenanlary, halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, dürli kärde işleýän gyz-gelinler, mährem eneler, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Jennet Geldymamedowa açyp, ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, olaryň ählitaraplaýyn ösen aň- düşünjeli, watansöýüji nesli terbiýelemegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada aýtmak bilen, ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk sungatyny dowam etmekde we ösdürmekde çeper elli zenanlaryň hyzmatynyň uludygy dogrusynda gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bäş müňýyllyk taryhly türkmeniň nepis sungaty bolan halyçylygyň täze öwüşginde baýlaşmagy we kämilleşmegi ugrunda hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalary edýär. Türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny täzeden dikeltmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça amala aşyrylýan anyk çäreler has-da guwançlydyr. Welaýat häkiminiň orunbasary halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge berýän ünsi, bu sungaty dünýä ýaýmak babatdaky nusgalyk işleri, halyçy gelin-gyzlarymyzyň döwrebap şertlerde işlemegi ugrundaky tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowanyň çykyşy hem ünsi çekiji boldy. Ol ýurdumyzda halyçylaryň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda edilýän tagallalar barada aýtmak bilen, häzirki döwürde halyçylygy ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda bu pudagyň önümçilik düzüminiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygy, iň kämil enjamlar bilen üpjün edilýän kärhanalaryň gurulýandygy hakda anyk mysallar arkaly gürrüň etdi. Maslahatyň barşynda Bäherden etrabyndan mährem ene, “Zenan kalby” ordeniniň eýesi Annasona Ballyýewanyň, Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Ogulgerek Esenowanyň, N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bahar Pirgulyýewanyň, Ahal welaýat kitaphanasynyň ýolbaşçysy Gözel Muhammedowanyň, Gökdepe etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulgerek Ataýewanyň çykyşlarynda özüniň gözelligi, nepisligi, ýokary hilliligi we kämilligi bilen dünýäde iň gymmatly sungatlaryň hatarynda durýan türkmeniň halyçylyk sungatynyň aýratynlygy hakynda gyzykly çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halylarynyň ajaýyplygy barada söhbet açýan “Janly rowaýat” hem-de “Arşyň nepisligi” atly meşhur kitaplaryna esaslanylyp edilen gürrüňler maslahata gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Maslahatda Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň baş hünärmeni Enegül Myşşyýewanyň çykyşy hem özüne çekiji boldy. Ol paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmen halysynyň Milli muzeýinde saklanýan, gelin-gyzlarymyzyň sünnälap dokan, dünýäniň gözellik nusgasyna öwrülen ajaýyp halylarymyzyň gymmatly nusgalary barada aýdyp, Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin metjidine bagyşlanan halynyň hem muzeýiň özboluşly gymmatlygydygy dogrusyndaky gürrüňe aýratyn ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, bu gözel we owadan halyny ýörite synlamaga gelýänleriň sany az däl. Maslahata gatnaşyjylar türkmeniň milli amaly sungatynyň ösdürilmegine, çeper elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi babatynda hem-de döredijilik ylhamyny açmagyna ajaýyp şertleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra maslahata gatnaşyjylar muzeýiň zallarynda ýörite guralan sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Dürli ölçegdäki halylary we halyçalary özünde jemlän sergi gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan dörän nepis halylaryň täsin nusgalarynyň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Ýaş halyçy gyzlaryň haly dokap oturan pursatlary hem dabara özboluşly röwüş çaýdy. Bu ýerde gyz-gelinleriň ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli öwüşginli aýdym-sazlary hem hemmeleriň göwnüni göterdi. Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com