Ar­ka­dag tag­ly­ma­ty — ösüşler ýoly

Şu günler welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň guramagynda welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda wagyz-nesihat duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Ýerli häkimlikler we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guralýan we halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işjeň zenanlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilýän şeýle çäreleriň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerini, kabul edýän çözgütlerini raýatlara düşündirmekden, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleriň, ýetilýän sepgitleriň ähmiýetini, şeýle-de milli ýol-ýörelgelerimizi wagyz etmekden we ýaşlaryň watansöýüjilik duýgusyny ösdürmekden ybaratdyr. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk, şol etrabyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda, Tejen şäheriniň Medeniýet öýünde, Babadaýhan etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda, Kaka etrabynyň Gowşut obasynyň Medeniýet öýünde, Bäherden etrabynyň Bamy obasynyň Medeniýet öýünde bolan duşuşyklar täsirliligi bilen alamatlandy. Duşuşyklarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak ugrundaky tagallalary barada söz açyp, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatymyzyň çäginde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdiler. Duşuşyklarda oba ilatynyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tagallalar barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Nygtalyşy ýaly, oba ýerlerinde yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap umumybilim berýän orta mekdepler, çagalar baglary, medeniýet öýleri, saglyk öýleri, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki binalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanmagynda, olaryň iş üpjünçiliginde, oba ýaşlarynyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmeginde örän ähmiýetlidir. Duşuşyklaryň barşynda türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny, gelin-gyzlary bezeýän asylly häsiýetler, ene-mamalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgeler dogrusyndaky gürrüňe hem üns çekilip, oňa gatnaşyjy ýaş gelin-gyzlara watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi, agraslyk bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy. Işjeň häsiýetde geçen duşuşyklarda “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgä- ni öňe sürmek bilen, il-günümizi baky bagtyýarlyga alyp barýan hormatly Prezidentimiziň beýik işlerine we taýsyz tagallalaryna hoşallyk sözleri aýdyldy. Gülşirin ANNAGELDIÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com