Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda “Ahlak terbiýesi — ynsan gözelligi” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary hemde mährem eneler gatnaşdy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň başlygy Jeren Abdyýewa çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýasyjemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde gelin-gyzlaryň jemgyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ýurduň ýaşlarynyň döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede bilim almagyna döredilýän şertler, ýerlerde ýaş gelin-gyzlaryň arasynda alnyp barylýan terbiýeçilik ähmiýetli çäreler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Soňra etrap häkimliginiň bölüm müdiri Perzana Babaýewa, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Mähri Işangulyýewa, halypa mugallym Jumagül Aýydowa we beýlekiler öz çykyşlarynda ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar zenanlarynyň iş we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, olaryň ýurdumyzyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde gazanylýan üstünlikleri hakynda aýtdylar. Ýurdumyzda giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlak düşünjeli, Watana wepaly ýaşlaryň kemala gelmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, maşgala binýadynyň berk bolmagynda ata-eneleriň perzentlerine edep-terbiýe bermekdäki borçlary barada aýdylanlar has-da täsirli boldy. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda zenanlarymyzyň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlanmagy arzuw edildi. Wepa ÝAZGYLYJOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com