Bagtdan paýly zenanlar

     Mukaddes ojaklaryň bezegi bolan zenanlaryň mertebesini belent tutmak nesilden-nesle geçip, bagtyýarlyk döwrümizde has-da rowaçlanýan asylly ýörelgämizdir. Milli ýörelgelerimizi dabaralandyrmakda, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, gadymy mirasymyzy, däp- -dessurlarymyzy ýaş nesillere öwretmekde, kä- milleşdirmekde, ýaş nesli halal, zähmetsöýer, watansöýüji ruhda terbiýelemekde zenanlarymyzyň tutýan orny örän uludyr. Welaýat merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň birleşen tagallalary arkaly «Arkadagly gül eýýamda bagtyýardyr zenanlar» ady bilen guralan medeni çäre hem munuň özboluşly subutnamasy boldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlar, talyp gyzlar gatnaş- dylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asuda, abadan, eşretli günleriň hözirini görüp ýaşaýan gelin-gyzlara okamak, zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi, mährem eneleriň, zenanlaryň sarpasynyň belent tutul- ýandygy, olaryň zähmetlerine mynasyp baha berilýändigi buýsanç bilen nygtaldy. Maşgala binýadynyň pugtalandyrylmagy, zenanlaryň bagtyýar zamanamyzyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdyldy. Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň suratkeşleriniň gelin-gyzlarymyza, öý-ojaklarymyzyň bezegi, durmuşymyzyň sütüni bolan enelerimize bagyşlap çeken suratlary medeni çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Alty ganat ak öýleriň töweregindäki nepis dokalan halylar bilen bezelen sekilerde zenanlaryň çeper ellerinden dörän, gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan el işleriniň, milli lybaslarymyzyň, zergärçilik işleriniň sergisi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çärede welaýat medeniýet müdirliginiň, Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdym- -sazlary belentden-belent ýaňlanyp, dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Bagşylaryň, estrada aýdymçylarynyň dünýäniň ýaraşygy bolan zenanlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy syýasy, ykdysady hem-de medeni taýdan täze derejelere çykarmak babatda durmuşa geçirýän işlerini, ajaýyp döwrümizi wasp edip ýerine ýetiren şirin mukamlarydyr aýdymlary, «Miras», «Nurana», «Bagtyýarlyk» folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. Gülnabat Anna­ta­gano­wa. Surata düşüren Olga Le­be­dewa. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com