Belentde zenan sarpasy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagty- ýarlyk döwründe zenanlara uly hormat-sarpa goýulýar. Gender syýasaty jemgyýetçilik durmu- şynyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmaga ýurdumyzyň zenanlarynda uly höwesiň döreýändigini olaryň arasynda geçirilýän dürli görnüşli çärelerde, maslahatlarda hem görmek bolýar. Şeýle maslahatyň biri-de welaýat döwlet drama teatrynda geçirildi. «Gender deňligi üpjün edilýär» ady bilen «tegelek stoluň» ba- şynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahata dürli kärde zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Türkmenistan döwletimiz zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmak taglymyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň gender syýasatyny ýöred- ýär. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak we döwlet tarapyndan üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. «Tegelekstoluň» başynda ge- çirilen maslahatda ýurdumyzda gender syýasatynyň alnyp barlyşy barada aýdyldy. Şeýle-de «Öýde otursa zenana, işe çyksa merdana» diýdirýän türkmen zenanlarynyň ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize eýermekde, milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, däp-dessurlarymyzy dowam etdirmekde amala aşyrýan işleriniň bir maksada—maşgala mukaddesligini goramaga, binýadyny berkitmäge, nesillere milli ruhda, döwrebap bilim-terbiýe bermäge gönükdirilendigi buý- sanç bilen nygtaldy. Maşgala ojagynyň sütüni bolan eneleriň, zenanlaryň bagtyýarlygy, olara işlemäge, nesil terbiýelemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Nursoltan Dep­bi­ýewa. «Balkan». Surata düşüren Waleriý Ki­sel­ýow.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com