NEPIS SUNGATA BAGYŞLANDY

    Ýakynda Ahal welaýatynyň merkezindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we bu birleşigiň welaýat bölüminiň hem-de Türkmen halysynyň Milli muzeýiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. «Arkadag saýasynda ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bu maslahata işewür zenanlar, halyçylar, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler, mährem eneler, şeýle-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Muzeýiň mejlisler jaýynda öz işine başlan maslahatda ýurdumyzda zenanlary hakynda edilýän alada, olaryň hemmetaraplaýyn ösen aň-düşünjeli, watansöýüji nesli terbiýelemegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler, şeýle-de täze taryhy döwrümizde milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa dogrusynda gürrüň edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny täzeden dikeltmek, olaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça amala aşyrylýan işler, çeper elli halyçylaryň netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler, ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk sungatyny dowam etmekde we ösdürmekde çeper elli zenanlaryň hyzmaty we olaryň zähmetine döwlet derejesinde goýulýan sarpa hakynda aýdylanlar has-da täsirli boldy. Maslahata gatnaşyjylar türkmeniň milli sungatynyň ösdürilmegine, çeper elli halyçylaryň döredijilik ylhamyny açmaga ajaýyp şertleri döredýändigi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatyň çäginde ýaýbaň­landyrylan sergi aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Çärä gatnaşyjy ildeşlerimiz muzeý zalyna bezeg goşan dürli ölçegdäki halylary we halyçalary, haly önümleriniň köpöwüşginli görnüşlerini, halyçylykda ulanylýan serişdeleri gyzyklanma bilen synladylar. Milli halyçylyk sungatynyň gadymy we ajaýyp nusgalary sergä baý manymazmun çaýdy. Gelin-gyzlaryň on barmagyndan dörän nepis halylaryň täsin nusgalarynyň aýratynlyklary hakyndaky gyzykly gürrüň­leri diň­lemek ildeşlerimiz üçin juda ýakymly boldy. Ýaş halyçylaryň haly dokap oturan pursatlary hem dabara özboluşly röwüş çaýdy. Bu ýerde gelin-gyzlaryň ussatlyk bilen belent heňde ýerine ýetiren milli öwüşginli aýdym-sazlary hemmeleriň göwnüni göterdi. Aýdo ŞEKEROW. «Türkmenistan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com