DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde geçirilen dabaraly maslahat welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi. Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdy. Dabaraly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Welaýat häkiminiň orunbasary Jennet Geldymamedowanyň çykyşy aýratyn täsirli boldy. Ol çykyşynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesiniň sebitiň, tutuş dünýäniň halklary üçin ähmiýeti dogrusynda söhbet açyp, milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigi hakda durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Bitaraplyk ugry we onuň esasyna goýulýan ýörelgeler bize parahatçylyk söýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine we däp-dessurlaryna hormat goýmak hem-de sabyr-takatlylyk ýaly binýatlaýyn ölçeglere eýermäge mümkinçilik berýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy köklerini halkymyzyň müňýyllyklaryna uzaýan taryhyndan gözbaş alýar hem-de häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalar nusgalyk derejede Türkmenistanyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň bölüm başlygy Andreý Lareniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Geldimyrat Gökleňowyň çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, ýurdumyzyň halkara hukuk derejesiniň, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülýän halkara başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň berkemegine, Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ähmiýeti dogrusynda anyk mysallar arkaly giňişleýin durlup geçildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna şu ýylda 24 ýylyň dolýandygy, geçen döwürde ýurdumyzyň bitarap daşary syýasy ugruna, öz halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde doly subut edendigi aýratyn bellenildi. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Ak bugdaý etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň müdiri, Mejlisiň deputaty Möwlam Öräýew, TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Annalyýew dagynyň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik tutumly işleri, Watanymyzyň atabraýynyň, şan-şöhratynyň has-da beýgelmegini şertlendirýän ajaýyp başlangyçlarynyň ulus-ilimizde çuňňur buýsanç duýgusyny döredýändigi barada gürrüň edildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar dünýäde ostdoganlygyň pugtalanmagy, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda edýän bimöçber tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com