Baýramçylyga bagyşlandy

Ýurdumyzda uludan toýlanjak Halkara Bitaraplygyň 24 ýyllyk baýramynyň barha ýakynlaşýan günlerinde, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde aýdym-sazly dabaralar, sport çäreleri, dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň guramagynda Tejen şäherdäki «Bagt ýoly» toý mekanynda geçirilen dabara hem şanly toýa bagyşlandy. «Bitarap Watanym — Türkmenistanym» ady bilen geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler hem-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada etrap medeniýet bölüminiň folklortans toparynyň, aýdymçylarynyň, sahna wäşileriniň çykyşlaryna tomaşa edildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň degişme sahnalary, şowhunly aýdym-sazlary we tanslary dabara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary döretdi. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenmegini arzuw etdiler hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Maral AŞYROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com