Äleme nur saçýar Bitaraplyk şuglasy

Baýramlara baý bolan eziz Diýarymyzda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çäreler, dabaraly maslahatlar, aýdym-sazly çykyşlar, sport ýaryşlary, döredijilik bäsleşikleri uly ruhubelentlige beslenip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly maslahat hem şolaryň biri boldy. «Äleme nur saçýar Arkadagly Bitarap Diýar» ady bilen geçirilen dabaraly maslahata medeniýet, bilim, nebitgaz ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Bitaraplyk hukuk derejämiz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, syýasy durnuklylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen işjeň ýola goýulýan hem-de yzygiderli ösdürilýän syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar barha rowaçlanýar. Dabaraly maslahatda mähriban ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek arkaly amala aşyrýan köpugurly tutumlary üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Eziz Arkadagymyzyň beýik işlerini, hemişelik Bitaraplygymyzy, Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynyň ägirt uly tutumlaryny taryplaýan joşgunly aýdym-sazlaryň şirin owazy belentden ýaňlandy, milli tanslar ýerine ýetirildi. Döredijilikli zähmeti bilen tapawutlanýan zenanlara baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Nursoltan Depbiýewa. «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com