Watanymyzy beýgeldýän taglyma

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Balkanabat şäherindäki «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly çäre «Bitaraplyk—Watanymyzyň buý- sanjy» diýlip atlandyryldy. Oňa edara-kärhanalaryň, bilim ulgamynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde uly meşhurlyga eýe bolýandygy, asuda asmanymyz, parahat, bolelin, eşretli durmuşymyz barada gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ynsanperwerlik, parahatçylyk, bitaraplyk ýörelgeleriniň Ýer ýüzünde has-da dabaralanýandygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alyp, häzirki döwürde onuň täze many-mazmuna eýe bolýandygy, Halkara Bitaraplyk gününiň uludan toýlanylýandygy nygtaldy. Dünýäde dost-doganlygyň pugtalanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Ýurdumyzy gülledip ösdürip, halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetiren mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň has-da rowaç almagy arzuw edildi. Dabaranyň dowamynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, joşgunly tanslarda, küştdepdidir gazallarda parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň waspy belentden-belent ýaňlandy. Soňra dürli ugurlarda göreldeli zähmet çekýän işgärlere baýramçylyk mynasybetli sowgatlar gowşuryldy.
Nursoltan Depbiýewa. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com