HALKYŇ GÖZELLIK DESSANY

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, TKA-nyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, şeýle-de, welaýat häkimligidir welaýat zenanlar bölümi tarapyndan «Haly — halkymyzyň gözellik dessany» ady bilen Sakarçäge etrap medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi.
Oňa halyçy gyz-gelinler, bilim işgärleri, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçy gyzlary gatnaşdylar. Berkarar Watanymyzyň röwşen ertirleriniň eýeleri bolmaly ýaş nesillerde hünäre, kesp-käre, gadymdan miras galan müdimi senedimize — halyçylyga söýgi-höwes döretmek maksadynda geçirilen dabarada paýtagtly myhmanlar — Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň haly muzeýiniň direktory Maýa Aşyrowa, şu birleşigiň işgäri Maral Amanjaýewa, Marynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Sakarçäge önümhanasynyň halyçysy Owlak Abaýewa, etrap medeniýet bölüminden Bahar Galandarowa, etrapdaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa we beýlekiler halkymyzyň inçe-nepis sungaty, asyrlaryň jümmüşinden gözbaşly halyçylyk, ony ýaşlara wagyz etmek, olarda hünäre söýgi döretmek, halyçylyga we halyçylara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin çykyş etdiler.
Maslahatda älemiň serweri — haly we haly önümlerinden sergiler guraldy. Etrap medeniýet merkeziniň aýdymçy-sazandalarynyň, tansçylarynyň taýýarlan şowhunly konserti hemmelere şatlyk, ruhubelentlik eçildi.

A. DURDYÝEWA.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com