HOŞ HABARYŇ ŞATLYGY

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakdaky şatlykly habar welaýatymyzyň uludan-kiçä ähli ilatyny begendirdi. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda gelip gowşan bu hoş habaryň şanyna welaýat merkezindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde dabaraly maslahat geçirildi. «Haly — halkymyzyň gözellik dessany» ady bilen geçirilen bu dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilelikde gurady.
Welaýatymyzyň işewür zenanlarynyň, halyçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Jennet Geldymamedowa açyp, ol ýere ýygnananlary şatlykly hoş habar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Onuň belleýşi ýaly, Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde Türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça çözgüt kabul edildi. Bu çözgüt türkmen gelin-gyzlary tarapyndan dokalýan nepis halylaryň ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde Ýer ýüzünde uly ykrara eýe bolýandygynyň nyşanydyr.
Welaýat häkiminiň orunbasary çykyşynyň barşynda häzirki täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň halyçylygyň täze öwüşginde baýlaşmagy we kämilleşmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz türkmen el halysynyň şöhratynyň täzeden belende göterilmegine, bäş müňýyllyk taryhly halkymyzyň nepis sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýet bermek bilen, türkmen halylarynyň iň gadymy nusgalaryny täzeden dikeltmek, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny aýawly saklamak boýunça guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär.
Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa çykyş edip, türkmen halkynyň medeni durmuşynda halyçylyk sungatynyň tutýan orny dogrusynda durup geçdi, şeýle-de ýurdumyzda halyçylaryň netijeli, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda döredilen şertler barada aýtdy. Ol çykyşynyň dowamynda dabaraly maslahata gatnaşyjylary Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi bilen gutlap, bu şatlykly habaryň ähmiýetini nygtady.
Dabaraly maslahatyň barşynda çykyşlaryň başga-da birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, nepis el halylarymyzyň gadymy nusgalaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Dabaraly maslahatyň çäginde muzeýiň giň zallarynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşmagyň ýakymly täsirleri boldy. Nepis halylaryň dürli nusgalary, halyçalar we sowgatlyk haly önümleri bu serginiň bezegine öwrüldi.
Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com