MILLI SUNGATYMYZA SARPA

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň şanyna Änew şäherindäki "Bagt ýyldyzy" toý mekanynda milli öwüşgine beslenen dabara geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara ezber halyçylarymyzdan başgada halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy gelin-gyzlar hem-de mährem eneler gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, ol ýerde ýaýbaňlandyrylan giň göwrümli sergi bilen tanyşdylar. Dürli ölçegdäki halylar, halyçalar, sowgatlyk haly önümleri, halyçylykda ulanyl ýan gurallardyr senetler, serişdeler sergä özboluşly bezeg goşdy. Milli halyçylyk sungatynyň gadymy we ajaýyp nusgalaryna gyzyklanma has-da ýokary boldy. Welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen çeper elli halyçylar öz nepis işlerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, dabara gatnaşyjylara milli halyçylyk sungatynyň aýratynlyklary, gözel nagyşlary bilen haýran galdyrýan, tebigy ýüňden we ýüpekden taýýarlanylýan el halylarynyň we haly önümleriniň dokalyşy barada gyzyklydan täsirli gürrüň berdiler. Zenanlaryň türkmen milli keçesini taýýarlaýan, gadymy nagyşlary keçä salýan pursatlaryny synlamak ol ýere ýygnananlar üçin örän ýakymly boldy. Dabarada täze taryhy döwrümizde milli mirasymyza, şol sanda halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge berilýän üns, bu sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşleriniň asyl nusgalaryny gorap saklamak boýunça alnyp barylýan nusgalyk işler barada söhbet açylyp, hormatly Prezidentimiziň "Janly rowaýat" hem-de "Arşyň nepisligi" atly meşhur kitaplarynda bu ugurdaky işleriň öz beýanyny tapýandygyny guwanç bilen bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halylarynyň ajaýyplygy barada söhbet açýan gymmatly kitaplaryna esaslanyp edilen gürrüň dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ýüregi hyjuwdan püre-pür zenanlaryň ýerine ýetiren, millilige ýugrulan aýdym-sazlary dabara gatnaşyjylar üçin has täsirli boldy. Joşgunly çykyşlarda milli mirasymyz, ene-mamalarymyzdan gaýdýan ajaýyp halyçylyk sungaty we bagtyýar döwrümiz belentden wasp edildi. Dabara gatnaşyjylar baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli gymmatlyklara çäksiz sarpa goýýan we dünýä ýaýmaga uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş aýtdylar. Dabaranyň ahyrynda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň uly toparyna hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com