Zenan yhlasyndan altyn-dür önýär

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleş- mesiniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň hem-de zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda «Arkadagym bilen Watan gülleýär, zenan yhlasyndan altyn-dür önýär» atly dabaraly maslahat geçirildi. Konserniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň taý- syz tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän uly möçberli işler, bu ugurda geljegi nazarlaýan maksatnamalar, meýilleşdiril- ýän täze taslamalar barada giňişleýin söhbet edildi. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda ösüşini üpjün etmekde amala aşyrylýan beýik işler, nebitçileriň Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegi ugrunda alnyp baryl- ýan işlere goşýan goşantlary nygtaldy. Ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan beýik işlere badalga berýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy. Okalan goşgularda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz, bagtyýarlyk döwrümiz, merdana nebitçiler wasp edildi.
Ejeş Guwanjowa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com