Ýylyň iň göreldeli wa­gyz­çy zenany

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky edaralarda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan guralan «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Ösüşiň täze belentliklerini nazarla- ýan Diýarymyzyň waspçy zenanlary döwürleýin metbugat sahypalarynda çap edilen iň gowy makalalarynyň nusgasyny, teleradioýaýlymlardaky çykyşlarynyň ýazgysyny bäsleşige hödürlediler. Emin agzalary Berkarar döwletimiziň ösüşini, taryhy ýadygärliklerimizi, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän makalalara many-mazmuny boýunça baha berdiler. Netijede, bäsleşigiň baş baýragyna welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Akbibi Gurbannazarowa mynasyp boldy. —Berkarar döwletimizde mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz ähli ulgamlarda uly ösüşe beslenýär. Ajaýyp zamanada bagtyýar nesillerimizi milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, maşgala mukaddesligini berkitmekde, jemgyýetimiziň jebisligini saklamakda türkmen zenanlarynyň orny uludyr. Şoňa görä-de, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde zenanlara uly sarpa goýulýar. Bäsleşikde «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» ady na eýe bolmagym başymy göge diredi. Geljekde-de milli mirasymyzy, urp-adatlarymyzy, däp- -dessurlarymyzy, taryhy gymmatlyklarymyzy wasp etmekde, muzeý işini kämilleşdirmekde, ylmy işleri ýazmakda yhlasly zähmet çekerin. «Mähriban enelerimiz, edepli-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarymyzyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr» diýip belleýän, zenanlara uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!—diýip, Akbibi Gurbannazarowa ýürek buýsanjyny beýan etdi. Oguljennet Orazo¬wa. «Balkan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com