HALYÇYLYK SUNGATYNYŇ MERTEBESI

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky iş maslahaty «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylyny buýsanç bilen jemleýän berkarar döwletimiziň zer harplar bilen ýazylýan iň täze taryhynda özüne mynasyp orun tapjak ajaýyp habar bilen başlandy. Gahryman Arkadagymyza türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi buýsanç bilen habar berildi. Şu hoş habar mynasybetli, Balkanabatdaky welaýat döwlet drama teatrynda «Haly — halkymyzyň gözellik dessany» diýen at bilen dabaraly çäre geçirildi. Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabaraly çäre turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe boldy. Balkanly halyçylar bu dabaraly çäräniň iň bir arzyly myhmanlary boldular. Bu ýerde ýaýbaň¬landyrylan çykyşlarda nygtalyşy ýaly, mährem ene-mamalarymyzyňdyr gelin-gyzlarymyzyň yhlas-zehini, çäksiz buýsanjy bilen sungat derejesine ýetirilen türkmen halylaryna, haly-palas önümlerine owal-ahyr baky könelmezlik bagty ýazylypdyr. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan şöhratly taryhyna, medeniýetine, milli urp-adatlarydyr däp-dessurlaryna bäş barmagy ýaly belet hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen halysy halkymyzyň ajaýyp arzuwlarynyň, mähir-muhabbetiniň aýnasydyr. Ol ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryny reňkleriň dili bilen ýazan ýürek ýazgysydyr!» diýen dürdäne sözleri hem mu¬ňa aýdyň güwä geçýär. Türkmen zenanlarynyň çäksiz yhlasy, uçursyz halal zähmeti bilen dokalýan türkmen halysynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň jedelsiz subutnamasydyr. Dünýäni haýran galdyrýan bu ajaýyp gözelligi döretmekde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Balkan welaýatyndaky çeper halyçylyk kärhanalarynyň on barmagy hünärli gelin-gyzlary hem öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Esengulyda 300 orunlyk, Serdarda 500 orunlyk, Bereketde bolsa 150 orunlyk ähli amatlyklary bolan haly fabrikleriniň gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýle ajaýyp netijeleri gazanmaklaryny üpjün edýär. Bu ady tutulan kärhanalarda şu ýylyň geçen on bir aýynda jemi 7 müň 744 inedördül metr haly dokalyp, 8 million 307 müň manatlykdan gowrak iş bitirildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkisinden epesli köpdür. Dabaraly çärä gatnaşyjylar teatrda «Türkmen halysy — älem sazlaşygy» ady bilen guralan sergä-de aýlanyp gördüler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz zehininiň önümleri bolan «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly we beýleki kitaplaryndan, amalyhaşam sungatynyň el işlerinden, haly-palaslardan, ýaşajyk suratkeşleriň çeken suratlaryndan guralan sergi diýseň täsirli boldy. Soň¬ra welaýatyň tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ýaň¬lanan döwrebap aýdym-sazlarda milli Liderimiziň döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy babatda amala aşyrýan dünýä nusgalyk beýik işleri, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen halysynyň şöhraty, nepis sungaty mynasyp dowam etdirýän halyçy gelin-gyzlaryň waspy belentden ýetirildi. Şu ajaýyp hoş habar mynasybetli, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen dabara hem çäksiz buýsanja beslendi. Oňa gatnaşanlar muzeýiň zallarynda milli mirasymyza degişli gymmatlyklary, hormatly Prezidentimiziň zehininden dörän eserlerden, şeýle hem haly we palas önümlerinden guralan sergileri synladylar. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, ýokary derejede guralan bu ýatda galyjy dabaralara gatnaşan balkanlylar çeper elli gelin-gyzlarymyzyň gadymdan galan nusgalary dikeltmekde, halylara döwrebap öwüşgin berip, täze-täze nagyşlary, gölleri döretmekde öz ussatlyklaryny gaýgyrman, netijeli zähmet çekmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, amala aşyrýan beýik işlerinde baky rowaçlyk arzuw etdiler. Hojaberdi BAÝRAMOW. (Öz habarçymyz)

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com