JOŞGUNLY DABARANYŇ RUHUBELENTLIGI

Täze, 2020-nji ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynyň köpçülikleýin çäreleriniň geçýän desgasynda dabara geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara aýratyn ruhubelent joşguny bilen alamatlandy. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, edara-kärhanalarda işleýän öňdebaryjy zähmetkeşler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Baýramçylyk arçasy bilen, şagalaňly senäniň ruhuna laýyklykda birkemsiz bezelen giň zalyň toý keşbi ähliniň keýpiçaglygyny belende göterdi. Ol ýerde naz-nygmatly bereketli toý saçagy giňden ýazyldy. Bereketli supranyň başyna jem bolan bagtyýar raýatlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän beýik işleriň ajaýyp miweleri, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler dogrusynda guwanç bilen söhbet açdylar, şeýle bagtyýarlygy peşgeş berendigi üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Medeniýet-sungat ussatlarynyň, çeper höwesjeňleriň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary sahna baý many goşdy. Egsilmez joşguna, çäksiz ruhubelentlige beslenen aýdym-sazlarda, tans-halk döredijilik çykyşlarynda eziz Diýarymyz, ösüş-özgertmeli döwrümiz, hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri, bagtyýar halkymyz wasp edildi. Turuwbaşdan şatlyk-şagalaňa beslenen dabara Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagy oňa gatnaşyjylarda aýratyn ruhubelentlik döretdi.
Omarguly SERDAROW
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com