Haly—halkymyzyň gözellik dessany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatly tutumlar barha rowaçlanýar. Döwletimizde medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, kämilleşdirip, ösdürip, geljekki nesillere ýetirmäge uly üns berilýär. Türkmen halylarynyň şan-şöhraty älem-jahana ýaýylýar.
Asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini dokamagyň inçe syrlaryny, olaryň özboluşly tilsimlerini örän aýawly saklap, biziň häzirki günlerimize ýetirdi. Halylarymyzyň gölleriniň, nagyşlarynyň özboluşly. täsin dünýäsi bar. Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, yhlasly, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu sungaty synlanyňda, ajaýyp duýgyny başdan geçirýärsiň. Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleriniň hünäri bolan älemgoşar öwüşginli halylarymyzyň şan-şöhraty has-da artýar.
Hormatly Prezidentimiziň 16-njy dekabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüdiň komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň aýdylmagy halkymyzyň başyny göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň: «ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde, ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, döwletimiziň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi» diýip bellemegi milli mirasymyzyň, gymmatlyklarymyzyň şan-şöhratynyň älem ýüzüne ýaýylýandygynyň ýene bir gezek dabaralanmasy boldy.
Hoş habaryň gelip gowuşmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde.
şol sanda welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde dabaraly maslahatlar geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri welaýat döwlet drama teatrynda «Haly—halkymyzyň gözellik dessany» diýen at bilen geçirildi.
Welaýat häkimliginiň. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen dabaraly maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri, halyçy zenanlar, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda bellenilişi ýaly, haly çeper elli gelin-gyzlarymyzyň döreden ajaýyp sungatydyr. Türkmen gelin-gyzlary ähli döwürlerde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe bolsa. olara täze öwüşgin çaýypdyrlar.
Halyçylyk sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halyçylygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň, jöwher paýhasyndan dörän «Janly rowaýaty, «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr.
Dabaraly maslahatda milli gymmatlyklarymyzyň, el işlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň kämilleşdirilmegi, halyçylyk sungatymyzyň ösdürilmegi, dünýä
ýaýylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag. ömrüniň uzak. belent başynyň aman bolup halkymyzyň bagtyýar geljegini nazarlaýan beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.
Aýdym-sazyň şirin owazy belentden ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda äleme nusga bolan
türkmen halysynyň waspy ýetirildi.
Soňra «Türkmen halysy—älem sazlaşygy» atly haly we haly önümleriniň sergisine syn edildi.
Nursoltan DEPBIÝEWA.
Balkan

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com