Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany

SUNGATYŇ WASPÇYLARY
Paýtagtymyzda Türkmenistan — — rowaçlygyň Watany ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşi bilen bilelikde ata-babalarymyzdan galan medeni, edebi gymmatlyklary tapmakda we ony ýaş neslimize wagyz-nesihat etmekde zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatlaryna bagyşlanyp «Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi.
Onda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, rowaçlyklar ýoly bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wakalary barada çykyş eden zenanlarymyza uly baha berildi.
Ýurt möçberinde geçirilen bu bäsleşikde bäş welaýatdan tapawutlanan medeniýet we sungat işgärleri öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
«Ýylyň iň göreldeli wagyzçy zenany» atly bäsleşikde Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň usulçysy Maýa Berdigylyjowa birinji, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa ikinji, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň usulçysy Orazjemal Atabaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ildeş zenanlarymyzyň ýeňişli orunlara eýe bolmagy bizde buýsanç duýgusyny döretdi.
Bäsleşikde ýeňiji bolan zenanlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Ogulşat BERKELIÝE WA.
«Maru — şahu jahan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com