Bagt nury bolup gel!

Täze ýyl baýramy mynasybetli «Ak ýol» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Bagt nury bolup gel!» ady bilen geçirilen baýramçylyk çäresine dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrüniň şaýolundan bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri buýsanç bilen nygtadylar. «Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen üstünlikli amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlary döwletimiziň barha ýokarlanýan halkara abraýynyň gözbaşy bolup durýar. Agzybir halkymyzyň bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge, Watanymyzyň barha kuwwatlanmagyna düýp li iter gi ber ýän giň möçberli tutumlar Türkmenistan—rowaçlygyň Watany ýylynda hem mynasyp orun eýeledi» diýip nygtamak bilen, baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň tamamlanyp barýan ýylynda Watanymyzda durmuşa geçirilen ägirt uly işler barada gürrüň etdiler. Täze ýylda hem beýik maksatly tutumlaryň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler. Soňra sungat ussatlarynyň degişme sahnasyna tomaşa edildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp zamanamyz, Täze ýyl baý ramy wasp edildi. Bu ýere ýygnananlara Täze ýyl sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Nursoltan Dep¬biýewa. «Balkan»

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com