Habarlar

2020-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli şeýle hem, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine bagyşlanan Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda “Bitaraplyk taglymaty-parahatçylygyň gözbaşy” atly duşyşyk- maslahaty geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýüzünde açyk hoşniýetli we ynsanperwer syýasaty alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Bütin dünýä tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň özenidir.
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şöhratly ösüşlerini wagyz etmekde, ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan osdürmek babatdaky maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwlet kanunçylygyny kämilleşdirmek işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Şu gün “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli, şeýle hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde “Bitaraplyk taglymaty-parahatçylygyň gözbaşy” atly duşyşyk- maslahaty geçirildi.
Maslahatda “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary Maýsa Allaberdiýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Mähri Bäşimowa, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň Çaganyň irki ösüşi we irki dikeldiş bölüminiň müdiri Sülgün Berdiýewa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bölüm müdiri Ogulmaral Matalowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şemşat Setdarowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Uzak gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymy Käbegül Meredowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň mugallymy Maral Çaryýewa, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň 1-nji derejeli kitaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşanlar bize şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren, halkymyzyň milli mirasyna uly sarpa goýýan Mähriban hem Gahryman Arkadagymyza il-ýurt bähbitli bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Ýörite habarçy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com