Arkadagly Diýarda

Ajaýyp ýurdumyzda agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň hoşniýetli ýagşy arzuwlar bilen garşy alan Tä­ze — 2020-nji ýy­ly «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiljek ýylymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň iň bir düşümli, rysgal-döwletli we taryhy wakalara baý ajaýyp ýyllaryň biri boljakdygyna, biz tüýs ýürekden ynanýarys. Çünki Arkadagly Diýara ýyllar bagt bolup gelýär. Ýa­kyn­da «Türk­me­nis­tan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Sakar şäherçesinde ýerleşýän Medeniýet merkezinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda, wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň edara-kärhanalarynda işleýän ildeşlerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, Diýarymyzda her bir günüň şanly wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýändigi, 2019-njy ýylda uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilen işler, şeýle hem 2020-nji ýylyň, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» diýlip yglan edilendigi barada buýsançly gürrüňler etdiler. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar günlere ýetiren, ýurdumyzyň abraýyny arşa göteren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulnur BAZAROWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: tzb@online.tm