ÝYLYŇ ZENANY

   Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Ge­ňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň şäher-etrap tapgyrlaryna giň gerim berildi. Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň hünär başarnygyny, ukybyny açyp görkezmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry hem guramaçylykly häsiýete eýe boldy. Etrabyň Medeniýet öýünde geçen bäsleşige halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öň­debaryjy zenanlar gatnaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşik «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öň­debaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça öň­debaryjylary öňe saýlady. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň çärelerine baý öwüşgin goşýan bäsleşigiň bu tapgyrynyň ýe­ňijileri welaýat derejesindäki tapgyra gatnaşmaga hukuk aldylar.

Aýdo ŞEKEROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com