ZENANLARYŇ HÜNÄR BÄSLEŞIGI

   Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyrlary dowam edýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylynda ýaýbaňlandyrylan bu bäsleşik zenanlara hünär başarnygyny görkezmäge özboluşly mümkinçilik berýär. AK BUGDAÝ. Et­ra­byň Gä­mi oba­sy­nyň Me­de­ni­ýet öýün­de bo­lan bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry­ny Türkme­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şykla­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si hem-de ýur­du­my­zyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň et­rap bö­lü­mi bi­le­lik­de gu­ra­dy. Oňa et­ra­byň äh­li ýe­rin­den dür­li kär­ler­de zäh­met çek­ýän öň­de­ba­ry­jy ze­nanlar gat­naş­dy. Dä­be öw­rü­len bäs­le­şi­giň bu tap­gy­ry «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­raply­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň çä­re­le­ri­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin go­şup, ze­nanla­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da alyp bar­ýan neti­je­li iş­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge ajaýyp müm­kin­çi­lik bol­dy. Oňa gat­naşy­jy­lar de­giş­li şert­ler esa­syn­da­ky çy­kyş­la­ry­nyň üs­ti bi­len, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ründe ýur­du­my­zyň has-da gül­läp ösme­gi­ne, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na, ýo­ka­ry aň-dü­şün­je­li, bi­lim­li, hü­när­li ne­sil­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne öz­le­ri­niň sal­dam­ly goşant­la­ry­ny goş­ýan­dyk­la­ry­ny, enema­ma­la­ry­myz­dan gel­ýän asyl­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp de­re­je­de do­wam et­dir­ýän­dik­le­ri­ni görkez­diler. Ola­ryň çy­kyş­la­ry­nyň üs­ti bi­len hä­zir­ki wagt­da ze­nan­la­ryň dur­muşy­myz­da tut­ýan or­nu­na, ýo­ka­ry amat­ly şert­ler­de zäh­met çek­me­gine we ýa­şa­ma­gy­na dö­re­di­len şertle­re bo­lan buý­sanç­la­ry­na göz ýetir­mek has-da ýa­kym­ly bol­dy. Gyzyk­ly ge­çen bäs­le­şi­giň neti­je­sin­de «Ýy­lyň işe­wür ze­na­ny», «Ýy­lyň çe­per el­li ze­na­ny», «Ýy­lyň sun­gat­da iş­jeň ze­na­ny», «Ýy­lyň mäh­rem ze­na­ny», «Ýy­lyň öň­de­bary­jy oba ze­na­ny», «Ýy­lyň te­le­keçi ze­na­ny» ýa­ly ugur­lar bo­ýun­ça ýe­ňi­ji­ler kes­git­len­di hem-de ola­ra we­la­ýat tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk be­ril­di. Ýe­ňi­ji­le­re ýö­ri­te sowgat­lar gow­şu­ryl­dy. «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry­nyň çä­gin­de gu­ra­lan giň göw­rüm­li ser­gi we ýaň­la­nan aý­dym-saz­lar hem­me­ler­de aja­ýyp duý­gu­la­ry dö­ret­di. Ýörite habarçymyz. SARAHS. Sa­rahs et­rap Meden­iýet öýün­de «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şi­giň et­rap tap­gy­ry ge­çiril­di. Oňa önüm­çi­li­giň dür­li ugur­laryn­da zäh­met çek­ýän ze­nan­la­ryň uly to­pa­ry gat­naş­dy. Bäs­le­şi­giň şert­le­ri­ne la­ýyk­lykda, oňa gat­na­şan­lar Ber­ka­rar döwle­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ze­nan­la­ry­my­zyň bi­tir­ýän iş­le­ri­ne go­ýul­ýan sar­pa, ola­ryň maş­ga­la ojak­la­ryn­da­ky nus­ga­lyk gö­rel­desi, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­nasyp go­şant goş­mak ug­run­da alyp bar­ýan asyl­ly iş­le­ri dog­ru­syn­da çy­kyş­la­ry­nyň üs­ti bi­len be­ýan et­diler. Bag­ty­ýar ze­nan­lar alyp bar­ýan iş­le­ri­ne we jem­gy­ýet­de tut­ýan ornu­na la­ýyk­lyk­da «Ýy­lyň işe­wür zena­ny», «Ýy­lyň çe­per el­li ze­na­ny», «Ýy­lyň sun­gat­da iş­jeň ze­na­ny», «Ýy­lyň mäh­rem ze­na­ny», «Ýy­lyň öň­de­ba­ry­jy oba ze­na­ny», «Ýy­lyň te­le­ke­çi ze­na­ny» di­ýen ugur­lar boýun­ça öza­ra bäs­leş­di­ler. Bäs­le­şi­giň emin­ler to­pa­ry zenan­la­ry­ň çy­kyş­la­ry­na my­na­syp ba­ha ber­mek bi­len, ola­ra de­giş­li orun­la­ry kes­git­le­di­ler. Ýo­ka­ry dere­je­de ge­çi­ri­len «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şik­de de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça et­rap hä­kim­li­gi­niň iş­gärler we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len iş­le­mek bo­ýun­ça bö­lü­miň mü­di­ri Pe­za­na Ba­ba­ýewa, 1-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň te­bi­ýe­çi­si Ýaz­sol­tan Mu­hamme­do­wa, Oraz Sa­lyr adyn­daky ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my Gül­pe­ri Dur­dy­ýe­wa, 21-nji or­ta mek­de­biň türk­men dili we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Gurban­je­mal Tö­rä­ýe­wa, «Gaň­ňa­ly» daý­han bir­le­şi­gi­niň kä­ren­de­çi­si Ogul­sa­byr Mäm­me­do­wa, Sa­rahs şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Ogul­dur­sun Ama­no­wa da­gy ýe­ňi­ji bol­du­lar. Ýe­ňi­ji­le­re Türk­me­nis­ta­nyň Kärdeş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si­niň ýö­ri­te sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Mahym ESENOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sarahs etrap birleşmesiniň hünärmeni. SURATLARDA: bäsleşigiň Ak bugdaý hem-de Sarahs etrap tapgyrlaryndan pursatlar. Surata düşürenler B.ATAÝEW, A.MÜRZÄÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com