MASLAHAT GEÇIRILDI

   21-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň merke­zi­niň mej­lis­ler ja­ýyn­da, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li me­rke­zi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi Geňeşiniň bilelikde guramagynda, «Sanly ulgam we sazlaşykly ösüş» diýen at bilen maslahat geçirildi. Mas­la­hat «Tür­me­nis­tan — Bi­taraplygyň mekany» ýyly mynasybetli, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Teh n o l o gi ý a - lar merkeziniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň döredilmegine, ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagyna aýratyn möhüm ähmiýet berýändigi, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly işleriň maksatnamalaýyn esasda durmuşda geçirilýändigi, ýurdumyzy innowasion we ösen tehnologiýaly döwletleriň birine öwürmek maksady bilen, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda häzirki zaman sanly ulgama geçmek konsepsiýasy boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin durup geçdiler. Maslahatda çykyş edenler bagtyýar durmuşy peşgeş beren , halkymyzyň milli mirasyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Ýörite habarçymyz. Surata düşüren Maksat AKMÄMMEDOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com