Bäsleşigiň etrap tapgyry

  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen gelin-gyzlaryna, zenanlaryna uly sarpa goýulýar. Olaryň jemgyýetde mynasyp orna, bagtyýar durmuş eşretlerine eýe bolmaklary ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň bel­leý­şi ýa­ly, Wa­ta­ny­myz­da giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da, ösüp gel­ýän ýaş nesli milli däplerimize we adatlarymyza laýyk terbiýelemekde, maşgala mukaddesliklerimizi hem-de jemgyýetimiziň jebisligini berkitmekde zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bar. Bu günki gün zenanlara özleriniň zehinini, başarjaňlygyny, bilimini islendik pudakda görkezmäge mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz çekýän halal zähmetleriniň hözirini görüp, eşretli döwrümize guwanyp ýaşaýarlar. Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we ze­nan­la­ryň ba­şar­ny­gy­ny, uky­by­ny açyp gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len, Wa­tanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri bitirýän zenanlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň Saýat etrap tapgyry geçirildi. Zenanlaryň her biri özüniň saýlap alan ugry boýunça çykyş edip, halkymyza mahsus bolan gylyk-häsiýetleri, maşgalada, jemgyýetde ýerine ýetirýän işlerini el hünäriniň üsti bilen, şygyrlar arkaly açyp görkezdi. Uly ruhubelentlikde geçirilen bäsleşik aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy. Bäsleşige gatnaşan zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ogulnur ROZYÝEWA, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com