ZENANLAR — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň Medeniýet öýünde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda geçen maslahata etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlar, şeýle-de mährem eneler gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, medeni ojakdaky taryhy—ülkäni öwreniş muzeýine aýlandylar. Muzeý sergisiniň bu gadymy künjegiň taryhyny beýan edýän maglumatlara we gymmatlyklara baý bolmagy ildeşlerimiziň gyzyklanmasyny artdyrdy. Şoňa görä-de, muzeýe syýahat ýakymly duýgulary döretdi.

Aýdo Şekerow

Maslahatda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň wekilleriniň we işeňňir agzalarynyň, mährem eneleriň çykyşlarynda ýurdumyzda zenanlar hakynda edilýän alada, türkmen jemgyýetinde zenanlaryň orny we türkmen zenanyny bezeýän gözel ahlak sypatlar dogrusynda aýdylyp geçildi, gelin-gyzlaryň edep-terbiýe meselesindäki gürrüňe aýratyn üns çekildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetinde zenanlaryň aýratyn uly orny bardyr. Ýurdumyzda zenanlarymyzyň erkana ýaşamagy we işlemegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzentlerini döwrebap terbiýelemegi ugrunda döwlet tarapyndan bimöçber alada edilýär. Zenanlar şeýle aladalara jogap edip, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgelere birkemsiz eýermelidir, maşgala mukaddesligini gorap saklamalydyr, ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemelidir, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmalydyr.

Maslahatyň barşynda geýinmek medeniýetinde öňden gelýän milli ýörelgeler, salykatlylyk, päk ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetler, edep-terbiýe kadalarynyň ähmiýeti barada aýdylyp, şonuň bilen baglanyşykly gymmatly öwüt-ündew edildi. Maslahata gatnaşyjylar zenanlara berilýän durmuş ýeňillikleri, işlemäge, döretmäge döredilýän şertler, şeýle-de il-günümiziň bagtyýarlygy ugrundaky aladalary üçin döwlet Baştutanymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Aýdo ŞEKEROW, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2020      Email: zenan@mail.com